Paýtagtymyz halkara ýaryşlaryň mekany

24 Fewral 2021
1589

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine pugta eýermek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmagyň meýilnamasyny tassyklamak barada milli Liderimiziň golaýda gol çeken Kararynyň mähriban halkymyzyň sagdynlygynyň üpjün edilmegindäki ähmiýeti örän ýokarydyr. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmegiň baş maksady hem berk bedenli nesilleri ýetişdirmekden, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakdan, sagdynlygy giňden wagyz etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesillerimizde sporta bolan mizemez söýgini döretmekde ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde, köp ilatly obalarda sport mekdepleriniň gurulmagy biziň bu aýdýanlarymyzyň aýdyň güwäsidir.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze, döwrebap binasynyň ulanmaga berilmegi hem geljekde ýaş olimpiýaçylaryň täze nesliniň kemala getiriljekdiginden habar berýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň döwrebap hukuk ulgamy kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasynda döwletimiziň sporta berýän goldawy barada bellenilmek bilen, onda raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, saglygyny berkitmek bilen bagly bedenterbiýe we sport mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge bolan hukuklary barada giňişleýin beýan edilýär.

Muhabbat AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň hünärmeni.