"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türgenimiz dünýä rekordyny täzeledi

Sportuň islendik görnüşiniň janköýerleri saýlap-seçen türgeniniň ýa-da toparynyň gazanan ýokary netijesi bilen bilelikde, onuň rekordlary täzeläp bilşi bilen hem ýakyndan gyzyklanýarlar. Bu gün türgenlerimiz gatnaşan ýaryşlaryndan diňe bir medally dolanýan däl, eýsem, rekordlary täzeleýän türgenlere öwrülýärler. Dünýäniň sport jemgyýetçiligi muňa ýakynda agyr atletika boýunça Ispaniýada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda hem janly şaýat boldy. Ýer ýüzüniň 23 ýaşa çenli iň güýçli agyr atletikaçylaryny özünde jemlän ýaryşda türkmenistanly türgen Şahzadbek Matýakubow iň agyr agramlaryň birinde çykyş edip, täze dünýä rekordyny goýdy. Agyr atletikanyň Daşoguz mekdebiniň uçurymy dünýä çempionatynda 102 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň arasynda çykyş etdi. Ştangany silterläp götermekde 175 kilogramlyk netijesi bilen altyn medala mynasyp bolan ildeşimiz bu görnüşde-de dünýä rekordyny täzeläp bilerdi. Mundan 20 ýyl ozal baharyň ilkinji gününde dünýä inen türgen üçin 175 kilogramlyk netije üçin (ikinji orundaky bäsdeşinden 6 kilogram ýokary) bary-ýogy iki synanyşyk ýeterlik boldy. Ol birinji synanyşygynda 170, ikinjisinde 175 kilogram agyrlygy depesine galdyrdy. Üçünji synanyşygynda 180 kilogram agyrlygy buýran ildeşimiz bu gezek biraz asgyn geldi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Sport ulag merkezine bardy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän we bu ugur­da ösüp gel­ýän ýaş nes­le nus­ga­lyk gö­rel­de bol­ýan Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri zäh­met rug­sa­dy wag­tyn­da paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýän Sport ulag mer­ke­zi­ne bar­dy.

Sport

Ökdeler öňe saýlandy Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň sport zalynda welaýatymyzyň çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi.

Sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmak

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Türk­me­nis­tan Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de we dün­ýä­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek­de, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na yg­rar­ly bo­lup gel­ýär. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de BMG-niň Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi açyl­dy. Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yn­san­per­wer­li­giň be­lent mak­sat­la­ry­ny da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň baş ug­ry hök­mün­de saý­lap alan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ugur­lar bo­ýun­ça dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň oňyn çöz­güt­le­ri bi­len çy­kyş edip gel­ýär.

Milli buýsanjymyz

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ahal­te­ke at­la­ry gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi, aja­ýyp­ly­gy, ýyn­dam­ly­gy, çe­ýe­li­gi we çy­dam­ly­ly­gy bi­len dün­ýä­de şan-şöh­ra­ta eýedir. Was­py be­lent­den ýe­ti­ril­ýän be­hiş­di be­dew­le­ri­miz hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy bol­mak bi­len, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na go­şan çäk­siz go­şan­dy­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de ahal­te­ke be­dew­le­ri ýur­du­my­zyň baş ny­şa­ny­na öw­rül­di.

Sportdaky üstünlikler

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, be­den taý­dan berk, sag­dyn, ru­hu­be­lent ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Ak mer­mer­li Aş­ga­bat hem Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de, äh­li we­la­ýat, et­rap mer­kez­le­rin­de gur­lup ula­nyl­ma­ga ber­len sport-be­den­ter­bi­ýe top­lum­la­ryn­da we des­ga­la­ryn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri, gu­wan­dy­ry­jy ýe­ňiş­le­ri bi­ziň her bi­ri­mi­zi diý­seň buýsan­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da sport us­sat­la­ry­my­zyň hem tür­gen­le­ri­mi­ziň döw­let we hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da, olim­pia­da­lar­da, uni­wer­sia­da­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ugur­da ama­la aşyr­ýan baş­lan­gyç­la­ry­nyň aja­ýyp ne­ti­je­si­dir.

Talyplar sport ýaryşlarynda mynasyp çykyş edýärler

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Astana şäherinde guralan Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryna gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň birnäçesi çykyş etdi. Olar alyş göreşinde, gazak göreşinde, kuraş göreşinde Türkmenistanyň sport abraýyny goramaga mümkinçilik aldylar.

Be­den­ter­bi­ýe we sport — kä­mil­li­ge ba­dal­ga

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, ugur­daş dü­züm­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak, tür­gen­le­ri, tä­lim­çi­le­ri, beý­le­ki de­giş­li hü­när­men­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­mak üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler yzy­gi­der­li do­wam et­di­ril­ýär. Bu ugur­da da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge hem-de öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­men tür­gen­le­ri­niň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra yzy­gi­der­li gat­naş­mak­la­ry hem-de üs­tün­lik ga­zan­mak­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň sport ba­bat­da alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Sport– dostlugyň köprüsi

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Sport dost­luk üçin köp­ri bo­lup dur­ýar. Sport di­ňe bir he­re­ket däl, gat­na­şyk, gol­daw we dost­luk­dyr. Sport ýurt­la­ry bir­leş­di­ri­ji bag­la­ny­şyk, bel­ki-de, pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk, aba­dan­çy­lyk ýa­ly adam­za­dyň yn­san­per­wer­lik ýörelgelerine ýe­tip bol­jak döw­let­le­riň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk gu­ra­ly bo­lup dur­ýan­dyr...

Aşgabat şäheri

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da buý­san­dy­ry­jy wa­ka­la­ra baý bol­dy. Şol san­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri­niň dün­ýä­de we se­bit­de at-ab­ra­ýy­nyň, şöh­ra­ty­nyň no­bat­da­ky bas­gan­çak­la­ra çyk­ma­gy­ny şert­len­di­ren çä­re­ler, hoş ha­bar­lar il­deş­le­ri­mi­zi we sport ul­ga­my­nyň hü­när­men­le­ri bo­lan bi­zi tüýs ýü­rek­den buý­san­dyr­dy.

Balkan welaýaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri, Gah­ry­man Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry, Arkadag­ly Gahryman Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri bi­len egin deň­läp öňe bar­ýan, gül­läp ös­ýän za­ma­ny­dyr. Bu aja­ýyp dö­wür ýur­du­my­za iri hä­zir­ki za­man önüm­çi­lik des­ga­la­ry­ny, ýol-ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny, äh­li oňaý­lyk­lar bi­len üp­jün edi­len tä­ze şä­her­le­ri, şä­her­çe­le­ri sow­gat ber­di.

Arkadag şäheri

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­mak, ýurt­da halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­ni da­ba­ra­lan­dyr­mak ba­bat­da alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­ri­niň aý­dyň mi­we­si bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň sent­ýabr aýyn­da bo­lup geç­en mej­li­si­ne ýur­du­my­zyň her bir kün­je­gin­de güýç­li dep­gin­de taý­ýar­lyk görüldi. Her bir ra­ýa­ty­myz, hü­när­menleri­miz, eda­ra-kär­ha­na­la­ry­myz, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry we sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar bu şan­ly toý çä­re­si­ne my­na­syp sow­gat­ly bar­dylar.

Lebap welaýaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä iç­re giň­den ýa­ýyl­ýan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy jem­gy­ýe­ti sag­dyn ösüş ýol­la­ry­na ça­gyr­ýan, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost-do­gan­ly­gy ös­dür­ýän mö­hüm sy­ýa­sy gu­ral­dyr. Şu my­na­sy­bet­li hä­zir­ki şan­ly ýy­ly­my­zyň ikin­ji ýa­ry­my üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň iýul aýyn­da bo­lup ge­çen gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de öň­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän gyz­ga­laň­ly dö­wrün­de ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da hem şan­ly wa­ka­lar bo­lup geç­ýär. Türk­men tür­gen­le­ri dün­ýä­niň dür­li şä­her­le­rin­de ge­çi­ril­ýän çem­pio­nat­lar­da, Ku­bok­lar­da, şeý­le hem okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şyk­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­ýär­ler.

Daşoguz welaýaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ata-ba­ba­la­ry­myz ne­sil­le­riň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne uý­mak­la­ry, ýa­ra­maz en­dik­ler­den daş du­rup, he­mi­şe he­re­ket­de bol­mak­la­ry üçin he­mi­şe yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry amal edip­dir­ler. Bu asyl­ly ýol-ýö­rel­ge bu gün­ki gün Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de, türk­men jemg­yýe­ti­miz­de do­wa­mat-do­wam bo­lup, ýag­ty gel­je­ge sa­ry uza­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de, paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry, şy­pa­ha­na­la­ry, sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin sport des­ga­la­ry, top­lum­la­ry, stadion­lar, sport mek­dep­le­ri gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär.

Ahal welaýaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ösüş­le­rin­den ruh­lan­ýan ag­zy­bir hal­ky­myz yh­las­ly, ha­lal zäh­me­ti­niň buý­san­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri bi­len mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk to­ýu­ny garşy aldy. Bu to­ýa my­na­syp go­şant hök­mün­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky sport eda­ra­la­ry­nyň, sport mek­dep­le­ri­niň hü­när­men­le­ri, tür­gen­le­ri hem buý­san­dy­ry­jy zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zan­dy­lar.

Mary welaýaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ýur­du­myz­da halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň bar­ha giň­den da­ba­ra­lan­ma­gy, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň bar­ha kä­mil­leş­me­gi Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­lent­le­re gö­ter­ýän oňaý­ly ýag­daý­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dö­re­dil­me­gi, oňa Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­lyk et­me­gi hal­ky­my­zyň, şol san­da — ýur­du­my­zyň sport ul­ga­my­nyň hü­när­men­le­ri bo­lan bi­ziň hem gö­wün gu­şu­my­zy ga­nat­lan­dy­ryp, hal­ky­my­zyň, döw­le­ti­mi­ziň ýag­ty gel­je­gi­ne bo­lan yna­my­my­zy art­dyr­ýar.

Dünýä ýaň salýandyr türkmen sporty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ga­raş­syz, baky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da, asu­da as­ma­ny­myz­da par­la­ýan ýa­şyl Tu­gu­my­zyň şug­la­syn­da, tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan spor­ty we be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry, ta­ry­hy tu­tum­la­ry, giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri ne­ti­je­sin­de mil­li spor­tu­my­zy ös­dür­me­giň, onuň hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­me­gi­ni ga­zan­ma­gyň düýp bin­ýa­dy­nyň goý­lan­dy­gy hem­mä­mi­ze mä­lim ha­ky­kat­dyr. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry, dur­mu­şa ge­çi­ren ägirt uly iş­le­ri esa­syn­da eziz Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­de sport ýur­dy diý­lip yk­rar edil­me­gi­ni bol­sa Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da­ky iň aja­ýyp üs­tün­lik­le­riň bi­ri hök­mün­de buý­sanç bi­len gör­kez­mek bo­lar. Türk­me­nis­tan­da san­ly­ja ýyl­la­ryň için­de gur­lan dür­li sport des­ga­la­ry Di­ýa­ry­my­zyň oba­la­ry­nyň, şä­her­çe­le­ri­niň, şä­her­le­ri­niň be­ze­gi­ne öw­rü­lip, olar ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­me­giň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni,

Kibersport

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ata Wa­ta­ny­myz hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýur­du­na öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Tür­ge­niň tä­sin he­re­ke­ti onuň te­bi­gy uky­by bol­mak bi­len bir­lik­de, ada­myň dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­me­giň bir ug­ru­dyr» di­ýen sözlerinden ugur alyp, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar geçi­ril­ýär. Ça­ga­la­ryň bi­lim taý­dan aňy­nyň tä­sir­li ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän, bäş ýaş­dan uly bo­lan ça­ga­la­ra gy­zyk­ly oýun­lar we ýu­muş­lar ar­ka­ly elekt­ron spor­tu­ny öw­ret­mek bi­len ça­ga­nyň beý­ni­si­niň iş­jeň­li­gi ýo­kar­lan­dyryl­ýar. Şeý­le hem ça­ga­nyň üns­lü­li­gi­niň we ýat­keş­li­gi­niň çalt ös­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. «Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da san­ly ul­ga­my sport sy­ýa­sa­ty­na or­naş­dyr­ma­gy ýo­la goý­mak we ki­bers­por­ty ös­dür­mek ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li elekt­ron sport fe­de­ra­si­ýa­sy bir­nä­çe iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. «Ki­bers­por­ty» dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da hem res­mi taý­dan yk­rar edil­di. Hal­ka­ra Esport Fe­de­ra­si­ýa­sy 2008-nji ýyl­da Ko­re­ýa­da dö­re­dil­di we hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň

Meşhur küştçi

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Küşt­çi ze­nan Maý­ýa Çi­bur­da­nid­zä­niň ady öz döw­rün­de dil­le­riň se­na­sy­na öw­rül­di. Onuň tu­tuş dün­ýä­de ze­nan küş­tü­niň mer­te­be­si­ni gal­dyr­mak­da go­şan­dy diý­seň ulu­dyr. Ol küşt bo­ýun­ça dün­ýä­niň 1978—1991-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky 6-njy çem­pio­ny­dyr. Ol 1951-nji ýy­lyň 17-nji ýan­wa­ryn­da Gru­zi­ýa­nyň Ku­tai­si di­ýen ýe­rin­de dün­ýä in­ýär. Maý­ýa küşt olim­pia­da­la­ry­nyň 9 ge­zek ýe­ňi­ji­si bo­lan ze­hin­li ze­nan küşt­çü­dir. 1984-nji ýyl­da ol küşt­de er­kek­le­riň arasynda gross­meýs­ter de­re­je­si­ne eýe bol­ýar. Hal­ka­ra gross­meýs­ter (1977), at ga­za­nan sport us­sa­dy (1979), So­wet So­ýu­zy­nyň çem­pio­ny (1977), dün­ýä­niň çem­pio­ny (1978-91), «Küşt Os­ka­ry» baý­ra­gy­nyň eýe­si. Er­jel we aşa ze­hin­li küşt­çi Maý­ýa Çi­bur­da­nid­ze dün­ýä­niň küşt bo­ýun­ça 6 ge­zek çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy.

Sporta şan berýär türkmen diýary

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Be­den­ter­bi­ýe we sport jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän gym­mat­lyk­dyr. Jem­gy­ýe­tiň aba­dan­çy­ly­gy­ny, döw­le­tiň gül­läp ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de be­den­ter­bi­ýä we spor­ta wa­jyp orun de­giş­li­dir. Dün­ýä de­re­je­sin­de bu ugur­la­ry ös­dür­mek, ila­tyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi­ni ga­zan­mak, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler hem bu ha­ky­ka­ty do­ly tas­syk­la­ýar. Ber­ka­rar ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ne nu­ra­na gel­je­gi­mi­ziň eýe­le­ri bo­lan ýaş ne­sil­le­riň be­den we ru­hy taý­dan kä­mil­li­gi­ni ga­zan­mak­da mö­hüm şert­le­riň bi­ri hök­mün­de ga­ral­ýar. De­giş­li ugur­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty ra­ýat­la­ryň dur­mu­şy­nyň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge, be­den we ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge, hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýän tür­gen­le­ri taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär.