Meşhur küştçi

30 Sentýabr 2024
317

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024

Küşt­çi ze­nan Maý­ýa Çi­bur­da­nid­zä­niň ady öz döw­rün­de dil­le­riň se­na­sy­na öw­rül­di. Onuň tu­tuş dün­ýä­de ze­nan küş­tü­niň mer­te­be­si­ni gal­dyr­mak­da go­şan­dy diý­seň ulu­dyr. Ol küşt bo­ýun­ça dün­ýä­niň 1978—1991-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky 6-njy çem­pio­ny­dyr. Ol 1951-nji ýy­lyň 17-nji ýan­wa­ryn­da Gru­zi­ýa­nyň Ku­tai­si di­ýen ýe­rin­de dün­ýä in­ýär. Maý­ýa küşt olim­pia­da­la­ry­nyň 9 ge­zek ýe­ňi­ji­si bo­lan ze­hin­li ze­nan küşt­çü­dir. 1984-nji ýyl­da ol küşt­de er­kek­le­riň arasynda gross­meýs­ter de­re­je­si­ne eýe bol­ýar. Hal­ka­ra gross­meýs­ter (1977), at ga­za­nan sport us­sa­dy (1979), So­wet So­ýu­zy­nyň çem­pio­ny (1977), dün­ýä­niň çem­pio­ny (1978-91), «Küşt Os­ka­ry» baý­ra­gy­nyň eýe­si. Er­jel we aşa ze­hin­li küşt­çi Maý­ýa Çi­bur­da­nid­ze dün­ýä­niň küşt bo­ýun­ça 6 ge­zek çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy.

Rus di­lin­den ter­ji­me eden Dur­sun TE­KÄ­ÝE­WA,
žur­na­list.