Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

21 Oktýabr 2021
1892

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiz ýokary derejede ösdürilýär, maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Esasan hem, sanly ulgamy ösdürmek, ösen tehnologiýalary öndürmek, bu ugurdan kämil hünärmenleri taýýarlamak baş maksat bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde pudaklara sanly ulgam giňişleýin ornaşdyrylýar. Bu bolsa ylmy esasda amala aşyrylyp, ösüşi has-da ýokarlandyrýar. Sebäbi munuň özi işleriň tiz amala aşyrylmagynda, guramaçylygy sazlaşykly ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Aslynda sanly ulgam düşünjesi uzak aralykdan gepleşikleri geçirmäge, elektron resminamalary dolandyrmaga, okuwlary ýa-da ylmy maslahatlary onlaýn görnüşde geçirmäge niýetlenendir. Şonuň üçin hem häzirki wagtda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri yzygider ösdürilýär.

Azatnepes ANNANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.