Sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslary

21 Oktýabr 2021
1610

Hormatly Prezidentimiziň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Jemgyýetiň aň-bilim mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegi döwletiň syýasy, ykdysady, hukuk esaslaryny pugtalandyrýar. Döwletimizde sanly ulgamy ösdürmekde, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, kazyýet edaralarynyň işini innowasion esasda guramakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň noýabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň tassyknamasy bolup durýar.

Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de tejribeli milli we halkara bilermenleri işe çekmek boýunça işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ýeke-täk sanly ulgama birikdirmek bilen bagly işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýar.

Bezirgen SÖÝÜNOW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň müdirliginiň müdiri.