Ygrar hem ykrar

29 Iýul 2021
931

Dünýä parahatçylygynyň goragy-da, döwletleriň syýasy, ykdysady, medeni... ösüşleri-de özara bähbitlere daýanýan deňhukukly we dostana gepleşiklerden, diplomatik çözgütlerden gözbaş alýar. Ol, şol bir wagtyň özünde, parahatçylyk söýüji, ynsanperwer ýörelgelere ygrarly, dünýä halklaryny umumy maşgala, Ýer ýüzüni umumy öýleri hasaplaýan halklar, döwletler, Liderler üçin-ä, neneňsi kynçylyk gabat gelse-de, iň aýdyň we ýeke-täk ýol bolmagynda galýar. Dogry, ösüşi zeruryýetlik emele getirýär, ýöne ol parahatçylykdan, asudalykdan hem dostlukdan gurbat tapýar. Elbetde, maksadymyz pelsepe otarmak däl. Şeýle pikirlere mübtela bolmagymyza ýurdumyzyň syýasy, ykdysady durmuşynda we halkara gatnaşyklarda bolup geçen hem geçýän oňyn wakalar sebäp boldy. Bu babatda ýakynda hormatly Prezidentimiziň Buýrugy bilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagtyna iberilen türkmen wekiliýetiniň Tokioda geçiren duşuşyklarynyň mysalynda-da köp zatlar hakynda gürrüň etmek mümkin.

Türkmenistanyň maýa goýmakda, özara bähbitlere daýanýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde ynamdar hem ygtybarly ýurtdugy babatdaky habar bu gün dünýä jemgyýetçiligi üçin täzelik däl bolsa gerek. Söwda dolanyşygyny has artdyrmak, erkin ykdysady hem-de senagat zolaklaryny döretmek üçin-de geljegi uly bazar bolan Türkmenistan Merkezi Aziýanyň üns çekiji we ýokary mümkinçilikli döwletleriniň biri. Munuň şeýledigini ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tokioda geçiren gepleşikleridir olaryň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklar ýene bir ýola subut etdi.

Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».