Germaniýanyň «Volkswagen» kompaniýasynyň lýuks awtomobil klasyna degişli bolan «Bugatti» brendini satjakdygy mälim edildi. Bu barada Angliýanyň «Financial Times» neşiri habar berýär. Habara görä, «Bugatti» Horwatiýanyň «Rimac Automobili» kompaniýasyna satylar. Neşirde «Rimac»-yň «Volkswagen» bilen bilelikde dörediljek «Bugatti-Rimac»-yň 55 göterim paýnamasyna eýe boljakdygy we galan böleginiň «Volkswagen»-iň «Porsche» kompaniýasyna degişli boljakdygy habar beriýär.
Bu barada «Rimac»-yň ýolbaşçysy Meýt Rimak: – «Rimac» we «Bugatti» netijeleri babatda ajaýyp jübüt. Ýaş, çalasyn we çakgan awtoulag hem-de tehnologiýa kompaniýasy hökmünde elektroulag tehnologiýalarynda özümizi öňdebaryjy orunda görýäris. «Nevera» atly ulagymyzda diňe giperulaglar öndürmeýändigimizi, ýokary tizligi bolmagy bilen bir hatarda ýokary hilli ulag öndürýändigimizi görkezdik. «Bugatti»-niň hem adatdan daşary mirasy bar – diýip belleýär.