Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň giň mümkinçilikleri

20 Maý 2021
2288

Hormatly Prezidentimiziň öndengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýete «Internet arkaly amala aşyrylýan ykdysadyýet» diýlip düşünilýär, şeýle-de innowasion sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özünde jemleýän bu sanly elektron ulgama «Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýlip hem aýdylýar. Milli Liderimiz «Dördünji senagat rewolýusiýasynyň» ykdysadyýetimiziň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamyna täsir edip başlamagyna üns berilmelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşilmelidigini belleýär.

Aýmämmet ANNAORAZOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dosenti, ykdysady ylymlaryň kandidaty.