Sazyň gudraty

29 Mart 2021
1555

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni şatlyk-şagalaňa beslenýär. Şu ýylyň fewral aýynyň 18—28-i aralygynda Italiýanyň Sanremo şäherinde onlaýn aragatnaşygy arkaly aýdym-saz ugrundan halkara bäsleşik geçirildi. Oňa dünýä boýunça 37 döwletiň aýdym-saz söýüjileri — aýdymçylar, sazandalar, hor toparlary wideogörnüşler arkaly özleriniň eserleri bilen gatnaşdylar. Bu bäsleşige gatnaşyp, güýjüni synap görmek höwesi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň üçünji ýyl talyby Aýlar Annamyradowany hem biparh goýmady. Ol konsertmeýster Jennet Hudaýgulyýewanyň pianinoda sazandarlyk etmeginde wiolonçel saz guralynda meşhur rus kompozitory Dmitriý Şostakowiçiň «Birinji konsertiniň birinji bölümini» wideoşekili bäsleşige hödürledi. Türkmen gyzynyň bu saz guralyna ussatlarça erk edip, saz söýüjileriň ýüregine aralaşyp bilmegi köpleri haýran galdyrdy. Oňa onlaýn arkaly sagbolsun aýdanlaryň sany köp boldy.

Pasyllaryň soltany baharyň ilkinji günlerinde Sanremodan gelen hoş habar diňe bir Aýlary däl, eýsem, ähli türkmen halkyny buýsandyrdy. Ildeşimiz şol uly bäsleşikde ikinji orny eýelemegi başardy.

Laçyn JÜMMIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar