Dessançy gyz (Siziň deň-duşuňyz)

26 Mart 2021
1637

Isleg-arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin zähmet çekmeli. Halkymyz «Zähmet soňy — rehnet» diýip ýönelige aýdan däldir. Hut şonuň üçin şol öwüt-nesihatlara uýup, il-günümize, Gahryman Arkadagymyza mynasyp nesiller bolup ýetişmek her bir ýetginjegiň borjudyr.

3 ýaşyndan bäri aýdym-sazyň aşygy bolup, bagşyçylyk sungatyna aýratyn sarpa goýýan maşgalada kemala gelen ýaşlaryň biri hem dessançy gyz Gül Şammyýewadyr. 5 ýaş uçurlary babasy Atabaý Rejepow onuň eline dutar tutduryp, sungatyň inçe tärlerini öwredip başlaýar. Şondan bäri hem dessançy gyz babasyny ilkinji halypasy hökmünde buýsanç bilen ýatlaýar. Kämillige ymtylýan gyz ýurdumyzyň çäginde geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» hem-de «Aýdym-sazyň jadyly güýji» ýaly birnäçe döredijilik bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, öz ukyp-başarnygyny görkezip gelýär. Bulardan başga-da, zehinli gyz dersara, sebitara takyk ylymlar boýunça geçirilýän internet bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli ugurlarda düşbüjedigini eýýäm-haçan subut etmegi başardy.

Begenç ANNAÝEW,
Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar