23-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!» atly çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary N.Rahymowa hormatly Prezidentimiziň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.