Döwre gurap tans edýärler

24 Mart 2021
1663

Kerki etrabynyň «Zemin nagmalary» folklor topary 1995-nji ýyldan bäri joşgunly, milli aýratynlyga ýugrulan folklor çykyşlary hem-de tanslary bilen baýramçylyk döwresini bezeýär. Biz bu folklor toparynyň täze çykyşa taýýarlyk görýän pursadyna şaýat bolduk. Kerki şäher medeniýet merkeziniň direktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Ýazguly Hodjyýew folklor toparynda alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi:

— «Zemin nagmalary» folklor toparynyň agzalarynyň aglabasy ýaşlar bolup, olar milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Akmyrat Berdiýew, Kümüş Penjiýewa, Aksoltan Rahmanowa, Nusga Soltanowa, Astan Jomartow dagy bolsa toparymyz döredileninden bäri çykyş edip, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýärler. Halkymyzyň şöhratly taryhyny şu günümiz bilen sazlaşdyrýan milli folklor eserleri goýlanda, ilki bilen eseriň kompozisiýasyna laýyk gelýän has joşgunly aýdym-sazlary saýlap almaly bolýar. Halk aýdym-sazlarynda ynsanyň duýgularyna uly täsir edýän joşgun bar. Folklor çykyşlaryndaky jüpüne düşen aýdymlary Şöhrat Hudaýberdiýew saz bilen bezeýär. Toparymyzyň «Döwletli maşgala», «Altyn toý», «Galpak toýy», «Depçi gyz», «Jan elek», «Lebap gatlama», «Suw damjam — altyn dänäm», «Dal bedewim — ak bedewim», «Ak pagtam — ak bagtym», «Miras sandygym», «Gelin aljak», «Myhman hormaty», «Çaý», «Pygamber toýy», «Adagly ýaglyk», «Ýüpek ýoly», «Çapak balyklar», «Guda çanak» ýaly folklor çykyşlary bar. Şonuň ýaly-da toparymyz bilen her bir baýramçylyga bagyşlap ýörite çykyşlary taýýarlaýarys. Etrabymyzdaky «Ak altyn» tans toparynyň agzalary hem toparymyzda çykyş edýärler. «Zemin nagmalary» folklor topary 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.