Sahnada — eýjejik gyzjagazlar

4 Mart 2021
1312

KAKA. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan gyzjagazlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry gyzykly geçdi. Oňa etrabyň ähli orta mekdeplerinde bolan gözden geçirilişlerinde öňe saýlanan okuwçy gyzjagazlar gatnaşdy.

Bäsleşik gyzyklylygy bilen tapawutlandy. Onda okuwçy gyzjagazlar degişli şertler esasynda çykyş etmek bilen, aýdym-saz babatdaky zehinini açyp görkezdiler, milliligimize bolan söýgüsini beýan etdiler. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary has-da täsirli boldy.