Sungatyma sarpa bar

3 Mart 2021
1193

Türkmen aýdym-sazy özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Merdana halkymyz ussat bagşy-sazandalaryna uly sarpa goýup, şu güne çenli olaryň atlaryny dillerinden düşürmän gelýärler. Milli medeniýetiň, sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň döwet-galamyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda ussat halypalaryň aýdym-saz ugrundan bitiren işleri, döreden aýdym-sazlary, mukamlary barada giňişleýin gürrüň edilýär. 

Halkymyza gymmatly mirasy galdyran halypa bagşylaryň ýoly bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde açylan döwrebap sungat mekdeplerinde ýaş zehinlere sungatyň inçe syrlary öwredilýär. Biziň çagalar sungat mekdebimizde hem milli Liderimiziň döredip berýän ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaş zehinler sungatyň dürli ugurlary boýunça tälim alýarlar. Bagşyçylyk ugrundan kämilleşýän okuwçylarymyz ýylyň-ýylyna döwlet derejesinde geçirilýän aýdym-saz bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Okuwçylarymyzyň üstünlikleri bizi has-da begendirýär we geljekki zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Bahargül MÄMIÝEWA,
Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary.