Beýik akyldaryň hormatyna

3 Mart 2021
1453

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralaryň we medeni çäreleriň geçirilmegine uludan taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 30-njy ýanwarynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada bellenilip geçildi.

Mähriban halkymyz Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi we dünýäniň şygyr sungatyny baýlaşdyrmakda we ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Halkymyz tarapyndan Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň bellenilip geçilmeginiň düýp özeninde beýik söz ussadynyň şygyrlarynda aýdyň beýanyny tapan, halkymyzyň döwletlilik, berkararlyk baradaky arzuwlary bar. Halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görýär. Şahyryň eserleri diňe bir şol döwrüň möhüm meselelerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat bähbitli pikirlere ýugrulanlygy bilen şu günki gün has hem ähmiýetlidir.

Bazargeldi BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Gözegçilik-derňew bölüminiň baş derňewçisi.