Milli sazymyz — kalp owazymyz

18 Fewral 2021
1979

Ýakynda Ýazmyrat Rejepowyň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Türkmen halk sazlary» atly okuw gollanmasy çapdan çykdy. Okuw gollanmasynda türkmen milli sazynyň ussatlary Mylly Täçmyradowyň, Pürli Saryýewiň, Çary Täçmämmedowyň, Jepbar Hansähedowyň çalan saz nusgalary nota ýazgysyna geçirilipdir.

Geçen asyrda rus saz öwrenijileri W.Uspenskiý we W.Belýaýew tarapyndan birnäçe türkmen sazlary nota geçirilip, «Türkmen sazy» atly kitap çap edilýär. Onda nota geçirilen «Haraýym Döndi», «Gandu-şekerli», «Nowgül», «Ýar gara gözli», «Balsaýat» ýaly eserler şondan soňky döwürde ýazylan sazlaryň arasynda duş gelmeýär. Türkmeniň şol halk sazlarynyň bu okuw gollanmasyndaky nusgalarynyň rus sazşynaslarynyň işinden soň ilkinji gezek nota geçirilişidir.

Gülbahar ÝAZMÄMMEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyňuly mugallymy.