Fotosuratçylaryň bäsleşigi

27 Ýanwar 2021
1632

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer baş ýörelgesi esasynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar ýaşaýan, gurýan, döredýän türkmen halkymyz 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara besleýär. Berkarar türkmen döwleti geçen otuz ýylyň içinde asyrlara barabar ösüşleri gazanyp, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda dünýäni haýrana goýýan üstünlikleriň belent sepgitlerine eýe boldy we tutanýerli, halal zähmet bilen ösen döwletleriň hataryna goşulyp bilendigini dünýä äşgär etdi.

2021-nji ýylyň «Tükmenistan — parahatçylygyň we yanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň fotosuratçylaryny Watanymyzda bolup geçýän özgerişleri, türkmen ykdysadyýetiniň, syýasatynyň, medeniýetiniň, sungatynyň ösüşlerini teswirleýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny döredijilikli çeper beýan edýän ýokary hilli surat eserlerini döretmäge höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary bilen fotosuratçylaryň arasynda «Garaşsyz Türkmenistan fotosuratlarda» ugur boýunça fotosuratlaryň bäsleşigi yglan edildi.