Gurjakgoş

18 Ýanwar 2021
1844

Nesil terbiýesinde milli däp-dessurlaryň ähmiýeti barada söhbet

Ýaş nesillerde ýokary ahlaklylyk, ruhubelentlik, bilesigelijilik, bilimlere ymtylmak ýaly düýpli häsiýetleri kemala getirmek döwrüň möhüm wezipesi. Bu barada hormatly Prezidentimiz 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde aýratyn durup geçdi. Ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlary, türkmençilik ýoluny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň wajypdygyny aýtdy. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçiriljek ähli çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmalydygyny aýratyn nygtady. Bu möhüm işde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň, mugallymdyr terbiýeçileriň paýyna aýratyn jogapkärçilik düşýär. Yhlasly zähmeti, ugurtapyjylygy, ýeterlik bilim-tejribesi bolan şeýle ynsanlar ýaş nesilleriň kalbynda milli ýörelgelerimize bolan çäksiz söýginiň çyragyny ýakýarlar. Gyşyň sowujak howasynda ýylyjak pejiň gapdalynda oturan Nabat daýza ik egirýärdi. Onuň arzuwly kalby bireýýäm inçelik bilen tow berlen ýüpünden jorap örüp, balalarynyň aýagyny ýyladýardy. Gözi-gulagy bolsa, «Gurjakgoş» oýnaýan gyzjagazlaryň şowhunyndady. Bu wagt Ogulnurdyr Güljemal gyýkyndy matalardan tikilen naşyja ýorgan-ýassyklary kiçijek «guty öýleriň» törüne ýerleşdirýärdi. Aýjemaldyr Orazgül bolsa, toýa geljek daýzalaryň «çaý-naharynyň» ugrundady. Ana, Mahymyň başynda welin aýratyn bir alada bardy. Ol gamyşdan ýasalyp, egnine bir barmak matadan köýnek geýdirilen gurjajygy ― «çykjak gyzy» owadanlaýardy. Içine dyrnagaýtym pagta salnan akja mata gurjajygyň ýüzüdi. Nabat daýzanyň joraplyk gara ýüňünden alnan bir çogdamjyk hem saçjagazy. Gyzjagazlaryň müň bir höwes bilen oýnaýan, ata-baba dowam edip gelýän, bir ýerde «Gurjakgoş», başga bir sebitde hem «Daýza-daýza» diýip atlandyrylýan bu çaga oýny ýöne bir güýmenje däldi. Eýsem, kiçijek arzuwlaryň geljekki hasylydy. Türkmeniň milli aňyýetiniň mukaddes ojaga wepalylyk ruhunda terbiýelenmek baradaky beren önümidi. Has dogrusy, ýaş başyndan gyzjagazlary maşgala gurmaga, gelin, eje, ene bolmaga taýýarlykdy.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
"Nesil".