Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli toý mekanynda Aşgabat şäher häkimligi bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, şeýle-de sirk artistleriniň görkezen oýunlary gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri döretdi.