Nowaýynyň ilinden Pyragyly Türkmenistana

21 Noýabr 2024
259

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň çykyşynda bu çäräniň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä bolup toýlanylýan ýylyna gabat gelýänliginiň uly ähmiýete eýedigi barada aýratyn durlup geçildi.

Sahnada Gündogaryň beýik akyldary Alyşir Nowaýynyň ýaşan döwri we onuň ylmy-edebi mirasy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Özbegistan Respublikasynyň Mukimi döwlet sazly teatrynyň artisti Azizhon Latipow Alyşir Nowaýynyň keşbini janlandyrdy. Ol bu keşp arkaly tomaşaçylara Alyşir Nowaýynyň ýaşan döwri we onuň belli «Hamsa» eseri barada gürrüň berdi. «Hamsa» eserine girýän «Leýli we Mejnun», «Perhat we Şirin», «Ýedi planeta», «Isgenderiň diwary» ýaly poemalaryň gahrymanlarynyň keşplerini, olaryň başdan geçirýän wakalaryny belli özbek artistleri O.Tillanazarow, O.Ergaşew, M.Elow, R.Mirminow, F.Norow, D.Aliýew, S.Hurammow, J.Usarowa dagy halk sazlary bilen utgaşan ajaýyp aýdymlar bilen ynandyryjy beýan etdiler. Alyşir Nowaýynyň gazallaryna döredilen aýdymlary Ýunus Rajabiý adyndaky «Makom» ansamblynyň ezber sazandalarynyň sazandarlyk etmeginde özbek aýdymçylary M.Jumanowa, G.Salimowa, D.Şodmonowa, M.Akbarowa dagy belent heňde ýerine ýetirdiler.

Ýörite habarçymyz.