Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen baýramçylyk dabarasy has-da täsirli boldy. Dabaranyň dowamynda doganlyk ýurdumyzyň sungat ussatlary şowhunly aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Aýratyn-da, türkmen edebiýatynyň görnükli söz ussady Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen şygyrlarynyň ýerine ýetirilmegi bu ýere ýygnananlaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Mundan başga-da, açyk asmanyň astynda ýaýbaňlandyrylan sergi hem köp adamly boldy. Ol ýerde goňşy halkymyzyň milli lybaslary, şaý-sepleri we amaly-haşam sungatynyň nepis eserleri sergilendi.
Gadymy döwürlerden bäri goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly türkmen-özbek dostlugy häzirki wagtda täze öwüşgin bilen ösdürilýär. Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde «Aşgabat» seýilgähiniň, gözel paýtagtymyzda bolsa «Daşkent» dynç alyş seýilgähiniň bolmagy bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Şu gezekki konserti we beýleki çäreleri geçirmek üçin hem hut dostlukly döwletiň paýtagtynyň adyny göterýän dynç alyş seýilgähiniň saýlanyp alynmagy aýratyn many-mazmuna eýedir.