Sanly ulgam durmuşymyzda

20 Noýabr 2024
268

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulýar. Bu gün Bitarap döwletimiz dünýä döwletleriniň işewürlerini özüne çekýän mekana öwrüldi. Munuň aýdyň netijelerini ýakynda paýtagtymyzda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň mysalynda hem görmek bolýar.

Biz hem Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli sergä gatnaşyp, «Belli Asman» hojalyk jemgyýetinde milli hünärmenlerimiz tarapyndan taýýarlanan, dünýä tejribesinde giňden ýaýran durmuş ulgamlarynyň we bazar ýerleriniň taslamasy bolan «Alaja» atly programma üpjünçiligini hödürledik. Bilşimiz ýaly, durmuş ulgamlary we bazar ýerleri ykdysadyýetde, jemgyýetçilik ulgamynda möhüm orun eýeleýär. «Alaja» programma üpjünçiligi hem maglumatlary paýlaşmaga, platformalary, habarlary we okuw materiallaryny ýaýratmaga mümkinçilik berip, maglumatyň dürli çeşmelerine elýeterliligi üpjün edýär. Ulanyjylaryň köpüsi bu çeşmeleri bilim almak, başarnyklaryny ýokarlandyrmak we peýdaly maglumatlary almak üçin ulanýarlar.

Mekan EÝEBERDIÝEW,
«Belli Asman» hojalyk jemgyýetiniň orunbasary.