Sungata sarpa

19 Noýabr 2024
217

Paýtagtymyzda 13-15-nji noýabr aralygynda geçirilen «Gorkut ata» adyndaky Halkara kinofestiwaly hakyky sungat baýramçylygyna öwrüldi. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara kinoforumyň maksady kinematografiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Halkara kinofestiwala türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan hem meşhur kino hünärmenleri, aktýorlar we bilermenler gatnaşdy. Kinofestiwalyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Köşgüň eýwanynda türkmen kinosynyň taryhyna gezelenç etmäge çagyrýan sergi täsirli pursatlary bagyşlady. Kinofestiwal Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sungat işgärleriniň we türkmen tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren «Türkmen dünýäsi» atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan taýýarlanan «Gorkut ata» atly wideorolik görkezildi.

Halkara kinofestiwal Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy. Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana «Gorkut ata» kinofestiwalyny geçirmek nobatynyň nyşany bolan «Durna» heýkeljigi gowşurylypdy. Festiwalyň nyşany bolan «Durna» guşunyň heýkeljiginiň sahna çykarylmagy üýtgeşik ahwallary bagyşlady. Türkmenistan şu ýyl bu göçme nyşany Gazagystana geçirdi. Türkmen kinofilmlerindäki aýdymlar kino sungatynyň bu giň gerimli çäresine baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Kinoforumyň ilkinji güni türkmen medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary bilen jemlendi.

Maýsa GURBANOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.