Bilim ulgamynda döwrebap tehnologiýalar

19 Noýabr 2024
254

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyetiň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Bu bolsa döwletiň ähli çäklerinde, geljekde bolsa tutuş dünýä giňişliginde ylym-bilim boýunça bir bitewi maglumat gurşawyny emele getirmek wezipesini öňde goýýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy halk hojalygynyň ähli pudaklaryna häzirki tehnologiýalardan we tehniki ösüşlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçe pikirlenýän, halkara dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamakda örän ýokary jogapkärçilige borçly edildi. Täzeçe pikirlenmäge, önümçiligi ygtybarly dolandyrmaga ukyply hünärmenler döwletiň we jemgyýetiň esasy daýanjydyr. Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşinde hem ylym-bilim esasy orunda goýulýar.

Kurbangül HUDAÝNAZAROWA,
Çärjew etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.