Arkadag şäheri: sanly konsepsiýanyň, oýlap tapyşlaryň ornaşdyrylýan mekany

14 Noýabr 2024
227

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän işler diýseň buýsandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» bolsa ýurdumyzda innowasion ösüşleri durmuşa geçirmegiň hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan paýhasyndan gurlan Arkadag şäheri sanly çözgütleriň iň soňky gazananlaryny özüne birleşdirýän sebitde ilkinji «akylly» şäher bolmak bilen, adamlarda parahat hem sapaly durmuşda döredijilikli işlemegiň joşgunyny döredýär. Arkadag şäherinde ylmyň iň soňky gazananlarynyň şeýle netijeli ornaşdyrylyşy ony geljegiň şäheri adyna eýe edýär. Şäher gurluşygy babatda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeli ýurtlary hem sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ajaýyp şäherde ekologiýa abadançylygy, «ýaşyl» tehnologiýalar bilen birlikde, sanly ulgamyň täzeçillikleriniň iň soňkularynyň ornaşdyrylyşyny döwrebap tejribe hökmünde öwrenýärler.

Ogulsenem ATAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.