Täsin tomaşa

13 Noýabr 2024
244

Arkadag şäherindäki milli gahrymanymyz Göroglynyň ady dakylan sirkiň döredijilik toparynyň her bir çykyşlary gyzykly pursatlara baý bolýar.

Ine, täze çykyşlara taýýarlyk pursatlary ýetip gelýär. Sirkiň döredijilik toparynyň her bir agzasy öz pikirleri, ukyp-başarnygy bilen çykyşlaryň sungat derejesine ýetmegi üçin yhlasly zähmet çekýärler. Režissýor, baletmeýster, ses režissýory, suratkeş, tansçylar... mahlasy, ählisi öz ornunda sirk tomaşalarynyň gyzykly bolmagy üçin jan edýärler. Olaryň maksady çykyşlary bilen tomaşaçylaryň wagtyny hoş geçirmegini gazanmak, ruhy lezzet paýlamak. Dagyň arassa, mylaýym howasyndan dem alyp, Arkadag şäheriniň gözelligine haýran galyp, sungat ojagynyň bosagasyndan ätlän tomaşaçylary sirkiň işgärleri güler ýüz bilen garşy alýarlar.

Dilber ATAJANOWA,
Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hünärmeni.