Dilde dessan, kalpda bossan

6 Noýabr 2024
330

Hormatly Prezidentimiz peder ýoluny mynasyp dowam etdirmek bilen, asyrlara ýaň salan beýik şahsyýetlerimize, halkymyzyň milli aňyýetiniň gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimize uly sarpa goýýar we olaryň dünýä ýaýylmagy ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýär. Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän çäreler munuň anyk subutnamasydyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylymyzda durmuşa geçirilýän çäreler gerimi we mazmuny boýunça akyldar şahyrymyzyň abraý-mertebesini Arşy-agla göterip, gadymy hem müdimi türkmen milletimizi begenç-buýsanja gaplaýar. Çünki beýik şahyryň döredijiligi dünýä halklarynyň edebi gymmatlygy hökmünde ykrar edilen mukaddeslikdir. Munuň şeýledigine şahyryň döredijilik älemine aralaşan islendik adam hem anyk göz ýetirýär.

Tawus SULTANMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.