SANLY ULGAM: Amatlylyk. Ygtybarlyk. Döwrebaplyk.

6 Noýabr 2024
304

Tehnologiýalaryň barha kämilleşýän zamanasynda adamzat durmuşyna nanotehnologiýalar döwrüniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ertirki günümizde has ýeňillikli durmuşda ýaşamaga mümkinçilikleri döredýär. Ylym-bilime has içgin girişilmegi, ony doly ele almaga edilýän synanşyklaryň netijesinde oýlap tapyşlaryň, açyşlaryň sany has-da köpelýär. Olaryň arasynda «emeli aň» aýratyn orna eýedir.

Aň adamlara we haýwanlara tebigy, dogabitdi berilýän bolsa, emeli aň adam eli bilen taýýarlanyp elektronikada adamyň işini ýeňilleşdirmek üçin ornaşdyrylýar. Emeli aň alymlar tarapyndan gün-günden kämilleşdirilip gelinýär. Ulanýan kompýuterlerimizdäki «Windows», telefonlarymyzda «IOS», «Android» programma üpjünçilikleri emeli aňyň anyk mysallary bolup durýar.

Aýgözel ANNADURDYÝEWA
Aşgabat şäheriniň 14-nji orta mekdebiniň mugallymy.