18-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy toý-baýramly Diýarymyzyň medeni durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri boldy. Festiwal Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda öz işine başlan halkara teatr baýramçylygynyň açylyşynda Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparlarynyň we sirk artistleriniň edebi-çeper çykyşlary has-da ruhubelent pursatlara eýe boldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň çykyşlary, dessançy bagşylaryň belent heňde ýaňlanan aýdymlary, dürli edebi kompozisiýalaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi halkara teatr toýuna gelen daşary ýurtly myhmanlaryň göwnüni göterdi. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek bilen bagly alyp barýan gerimli işleriniň waspy dürli dillerde beýan edildi.Ýurdumyzyň hem-de türki dilli sebitleriň sungat işgärleriniň bilelikde ýerine ýetiren «Dost-doganlyk mukamy» atly şowhunly edebi çykyşlary halkara teatr festiwalynyň dürli milletleriň medeniýetlerini we sungatlaryny birleşdiriji güýje eýedigini äşgär etdi.