«Amaly-haşam sungatynyň eserlerinde halypa-şägirtlik ýolunyň dowamy»

21 Oktýabr 2024
357

Şeýle at bilen Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sergi gurnaldy. Sergide muzeý gaznasyna degişli milliligimiziň nusgasy bolan el halylarymyz, amaly-haşam sungatyna degişli eksponatlar, surat şekilleri, nakgaş eserleri, küýzeler, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi.

Bu sergä Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Enebaý AMANBERDIÝEWA,
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri.