Döwrebap mümkinçilikler — aýdyň maksatlar

20 Oktýabr 2024
524

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän işler ösüşi üpjün edýär, röwşen geljegi rowaçlandyrýar. Bu ugurda döwrebap mümkinçiliklere, esasan hem, sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Bu babatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» aýratyn bellemek gerek. Bu maksatnamada geljekki ösüşler aýdyň maksatlar bilen beýan edilýär we sanly ulgam, döwrebap mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Munuň özi köpugurly özgertmeleri amala aşyrmakda hem-de halk hojalygynyň pudaklaryny kämilleşdirmekde ileri tutulýan ugurlaryň ösüşini üpjün edýär. Maksatnamada öňde goýlan wezipeleriň çözülmegi sanly ykdysadyýeti ösdürmegi, önümçiligiň depginli ösüşini, ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegini, dünýäniň iň oňat tejribelerini, öňdebaryjy ylmy pikirleri we tilsimatlary ulanmagy, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalanmagyny üpjün edýär.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm wezipeler pudaklaryň has-da kämilleşdirilmegi, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şunda oňat tejribeleriň toplanandygyny, tehnologiýalaryň kämilligini aýratyn bellemek gerek. Hususan-da, maglumat tehnologiýalarynyň ösýän döwründe «akylly» öýleriň hem durmuşymyza giňden ornaşandygy bellärliklidir. Munuň özi biziň durmuşymyzda sanly ulgamyň berk binýadynyň kemala getirilendigini alamatlandyrýar.

Kemal TÄÇMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.