Medeniýetleriň sazlaşygy

18 Oktýabr 2024
339

Goşgularymyzda «Medeniýet sözünden ömür gülleýär, medeniýet sözünden döwür gülleýär» diýip beýan edişimiz ýaly, medeniýet sözünden we ruhy gymmatlyk we hazyna bolup durýan medeniýetiň özünden ömürler gülleýär, döwürler gülleýär. Ähli halklaryň medeniýetleriniň arasyndaky sazlaşygyň güýjünden köp halatlarda dürli dillerde ýaňlanýan aýdymdyr goşgulara terjime hem gerek bolmaýar.

Şu ýylyň 16-17-nji oktýabry aralygynda geçirilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dowamynda hem biz hut şeýle sazlaşygy duýduk we ýakymly duýgulary başdan geçirdik.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».