Sungat ýoly — dostluk ýoly

17 Oktýabr 2024
349

Şu ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleri uly üstünliklere beslendi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolan Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda Russiýa Federasiýasynyň Adygeý Respublikasynyň «Nalmes» («Göwher») Döwlet akademiki halk tans ansamblynyň tansçylarynyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu günki günde «Nalmes» tans ansambly diňe Russiýa Federasiýasynda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da giňden tanalýar.

Islendik sungat eseri halkyň watanperwerligini, gahrymançylygyny, milli däp-dessurlaryny şöhlelendirýär. Dostlukly halkyň ezber tansçylarynyň ýerine ýetiren «Adygeýanyň ýaşlygy», «Islameý — biri-birini söýýänleriň tansy», «Anadoliniň çerkesleriniň tansy», «Hanjarly tans», «Kawkaz owazlary», «Nalmes-Nalkut nowellasy» ýaly tanslary hem gadymy adygeý halkynyň milli däplerini belent duýgularda beýan etdi.

Ýörite habarçymyz.