Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar

17 Sentýabr 2024
638

Häzirki wagtda bütin dünýäde sanly ulgamyň gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylyşynyň depgini ýokarlanýar. Täzeçil çemeleşmeler, awtomatlaşdyrylan gurluşlar, kämil innowasiýalar dürli ugurlarda ýüze çykýan meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär. Türkmenistanda hem innowasion tehnologiýalar ulgamynda netijeli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, robot, emeli aň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär.

Tebigy ýerasty baýlyklaryň ummasyz goruna eýe bolan hem-de daşky gurşawy goramaga aýawly çemeleşýän, bu ugurda köp sanly halkara başlangyçlar bilen çykyş edýän we olary durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzda degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Gutly GOŞAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.