Döwrebap enjamlar

21 Awgust 2024
574

Häzirki wagtda öýde, okuwda we edaralarda işleriň ýerine ýetirilişini kompýutersiz göz öňüne getirmek kyn.

Ilkinji kompýuteri iňlis alymy Çarlz Babbage 1822-nji ýylda oýlap tapýar. Ol kompýuteriň ululygy bir otagyň ululygy bilen deň, ýagny agramy 30 tonna, umumy tutýan meýdany bolsa 1800 inedördül metre barabar bolupdyr. Häzirki elektron kompýuterleriň irki nusgalary 1940-njy ýyllaryň başynda oýlanyp tapylýar. Ilkinji kompýuterler harby maksatlarda ulanylypdyr. Ol kompýuterler häzirki wagtda Waşington şäherindäki «Smithsonian» institutynda saklanýar. Kompýuter latynça «hasaplamak» manysyny berýär, şeýle-de bu söz iňlis dili sözlüginde «tehnologik we bilim gözlegleri maksatly ulanylýan maşyn» diýip hem atlandyrylýar.