Halkara gözleg kompaniýasy IDC-iň deslapky hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonyň öndürilişi 285,4 million birlige ýa-da geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,5% artdy. Bu eýýam yzygiderli dört çärýek satuwda gazanylan ösüşidir.
Çärýegiň jemleri boýunça bazaryň öňdeligini Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy eýeledi, ýagny geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,7% artyp, – 53,9 million smartfona ýetdi.