Türkmen tansçylarynyň bursadaky üstünligi

16 Iýul 2024
586

Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) we dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň guramagynda «Altyn garagöz» atly halk tanslarynyň 36-njy halkara bäsleşigi geçirildi. Onda ýurdumyza wekilçilik eden «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» tans, aýdym-saz, folklor topary ikinji baýrakly orna, kümüş kuboga we ýörite baýraga mynasyp boldy. Sungat ussatlarymyzyň üstünligi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikleriň ýene-de bir guwandyryjy netijesidir.

7 — 12-nji iýul aralygynda geçirilen halkara bäsleşige gatnaşan ýurdumyzyň döredijilik topary medeni forumyň düzgünnamasynda görkezilen şertler boýunça çykyşlary ýerine ýetirip, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny saz we tans sungatynda ussatlyk bilen görkezmegi başardy. Şöhratly taryhymyzy, milli ýörelgelerimizi şöhlelendirýän çykyşlar bäsleşige gatnaşyjylarda we emin agzalarynda turuwbaşdan uly täsir galdyrdy. Tansçylarymyzyň nepis nagyşlar bilen bezelen milli lybaslary, şaý-sepleri olaryň çykyşlaryna aýratyn öwüşgin çaýdy.

(Ýörite habarçymyz).