«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024
Ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda belent üstünliklere ýeten ýurdumyz durmuşyň ähli ulgamlaryna häzirki zaman innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Muňa ykdysadyýetiň möhüm ugry bolan himiýa pudagynyň ylmy esaslaryny pugtalandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek babatda durmuşa geçirilýän özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.