Hytaýda adam derisiniň elektron taýy döredildi

16 Iýun 2024
777

Hytaýyň Singhua uniwersitetiniň alymlary bionik 3D arhitekturaly dünýäde ilkinji elektron derini döretdiler. Ol adamyň beden agzasynyň gurluşyna we wezipelerine öýkünýär.

«Science» žurnalynda beýan edilen täze önüm bar bolan analoglardan adam derisi ýaly, fiziki derejedäki basyşy, sürtülmäni we deformasiýany tapawutlandyryp bilýär. «Elektron deri» üç gatlakdan durýar. Olar epidermise (iň ýokarky gatlak, adam derisiniň üstki gurluşyny ýada salýar), dermise (datçikleriň we reseptorlaryň köpüsiniň ýerleşýän orta gatlagy) we derasty kletçatka (aşaky gatlak, adam derisiniň aşakky gatlagynyň teksturasyny gaýtalaýar) öýkünýär.

Taýýarlan: Maýagözel ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň mugallymy.