Türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz böleginiň biri kakylyp çalynýan saz gurallarydyr. Olar öz taryhyny örän irki döwürlerden alyp gaýtmak bilen, adamzat tarapyndan döredilen ilkinji saz gurallarynyň biridir. Milli aýdym-saz gurallarynyň iň naýbaşysy deprek hasaplanylýar. Deprek ähli ýerde özüniň belent depginli we joşgunly sesi bilen toýlaryň şowhunyny artdyrýar.
Ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerinde hem ýaş nesle deprek çalmak öwredilýär. Ýaş deprekçilerden düzülen toparlar bolsa ýurdumyzyň toýdur baýramlaryny döredijilikli çykyşlary bilen bezeýärler. Welaýat çagalar sungat mekdebiniň «Joşgun» deprekçiler topary hem ýakymly owazlary bilen baýramçylyk çäreleriniň täsirini has-da artdyrýar. 2007-nji ýylda döredilen topara mekdebiň deprek hünäriniň mugallymy Narmämmet Kazakow ýolbaşçylyk edýär. Ol bu kärde indi 25 ýyla golaý wagt bäri zähmet çekip gelýär. N.Kazakowyň ýolbaşçylyk edýän deprekçiler topary 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň ýeňijisi boldy.