Kämilligiň şahyry

11 Iýun 2024
703

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi kämil pikir-garaýyşlarynyň, edebi mirasynyň, gymmatly pelsepeleriniň adamzat gymmatlygyna öwrülip, nesilden-nesle, dilden-dile geçip, müdimi ýaşaýandygyna şaýatlyk edýär. Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän ýyly bolan 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň öz şahyryna belent sarpasyndan, hormatyndan nyşandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda akyldar şahyryň döredijiliginiň nesiller üçin gymmaty teswirlenip, şygyrlaryndaky çuňňur pelsepewi garaýyşlar, durmuşyň many-mazmuny baradaky pikirleri hakda söz açylýar.

Şahyryň edebi mirasy umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant hökmünde ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi şahyryň döredijiliginiň umumadazat gymmatlygy hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bütin barlyga, tutuş adamzada söýgä, ynsanperwerlige, halal durmuşa çagyryş bolup ýaňlanýar. Şahyr öz şygyrlarynda adamlary döredijilige, durmuşda özüňden ýagşy at-abraý, ýagşy yz goýmaga çagyrýar, şonuň üçin onuň şygyrlary hiç bir wagtda-da öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Merdan GURBANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.