Çuwal bagşynyň şägirdi

6 Iýun 2024
756

Çuwal bagşyny özüne gaýybana halypa tutunyp, aýdymlaryny hemra edinýän ussat dessançy bagşy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýewdir. Ol tirme, dessan aýdymlaryny Çuwal bagşynyň ýolundan ussatlarça ýerine ýetirýär.

Birnäçe üýşmeleňde, toýlarda maňa Döwletgeldi halypanyň ýanynda gyjakda sazandarlyk etmek nesip etdi. Halypanyň ýanynda ilkinji gezek toýda sazandarlyk edenimde, Döwletgeldi halypa ussat bagşynyň «Algaç» aýdymy bilen toýuň başyny başlap, galaba Çuwal bagşynyň aýdymlaryny aýtdy. Ol dutaryny düzüp, kakuwa başlandan meniň gyjagy düzüşime synçy gözi bilen seretdi. Halypa saza girişende, onuň yzyna düşüp ugradym. Ol meniň gyjakda perde basyşyma ýylgyryp, aýdymyň arasynda ýuwaşlyk bilen: «Berekella!» diýip, aýdymy joşup ýerine ýetirdi.

Akmyrat REJEPOW,
dessançy bagşy.