Akyldar Pyraga belent sarpa

28 Maý 2024
1042

Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň milli we halkara ähmiýetli şanly wakalary bizi täze menzillere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbine gözellik goşýan, halkymyzyň söz sungatyna, pähim-paýhasa goýýan belent sarpasyny şöhratlandyrýan ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şanly ýylymyzyň esasy wakalarynyň biri boldy. Medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlaryň hem heýkelleriniň oturdylmagy bolsa, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüleriniň berkidilýändiginiň özboluşly güwäsine öwrüldi.

Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamaty bolup durýar. Dana Pyragynyň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik ýaly pelsepewi garaýyşly şygyrlary bütin adamzadyň genji-hazynasyna öwrüldi.

Agahan AGAHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.