Türkmen halysynyň baýramynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýinde haly we haly önümleriniň sergisi guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu milli baýram mynasybetli türkmen halyçylaryna we onuň muşdaklaryna iberen Gutlagy bilen açylan sergä köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň, guramanyň işjeň köpçülikleýin we şahsy agzalary hem-de ildeşlerimiz gatnaşdy. Şeýle-de baýramçylyk güni bu ýerde döwletimiziň çar künjündäki çeper halyçylyk kärhanalarynda ençeme ýyllaryň dowamynda tutanýerli zähmet çekip gelýän ussat halyçy zenanlarymyzyň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at berildi. Biz hem bagtdan paýly halyçylarymyzyň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Maýagül HALYKOWA,
Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy: