Ýaşajyk suratkeşler Watanymyzy wasp edýärler

27 Maý 2024
772

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşik yglan edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde bu döredijilik bäsleşiginiň nobatdaky saýlama tapgyry geçirildi.

Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýaýbaňlandyrylan döredijilik işleriniň sergisi köp adamly boldy. Çagalaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza, milli gymmatlyklarymyza, şol sanda ahalteke bedewlerine bolan söýgini çeper beýan edip çeken suratlary oňa gatnaşan mekdep okuwçylarynda, talyplarda hem-de ýaşuly nesliň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.

«Nesil».