Hoşniýetli gatnaşyklar berkidilýär

17 Maý 2024
345

Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary barha berkidýär. 14-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri muny aýdyň tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklarynyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Hususan-da, myhman hormatly Prezidentimizi «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitinde görmäge şat boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem Jenap Endo Toşiaki türkmen halkynyň Milli Liderini geljek ýyl Ýaponiýada geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine baryp görmäge çagyrdy.

«Nesil».