Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň medeniýetiniň we sungatynyň täze many-mazmun bilen baýlaşyp, älem-jahana ýaýylýan zamanydyr. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine göterilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde bina edilýän, ähli amatlyklary bolan, döwrebap şertleri özünde jemleýän medeni ojaklarda dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler sungatyň dürli ugurlary bilen gyzyklanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olary hünäre ugrukdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda medeniýetimiz, sungatymyz has-da baýlaşdyrylýar, kämilleşdirilýär, olara milli öwüşgin çaýylýar. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gelýän medeni mirasymyzy ylmy jähetden öwrenmekde, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda uly aladalar edilýär. Dünýäniň çar künjeginde ýurdumyzyň Medeniýet günleriniň, ýurdumyzda dünýä ýurtlarynyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.