Aýdym-saz dünýäsine ilkinji ädim

8 Maý 2024
893

Dünýäniň ähli akyldarlarynyň ykrar edişi ýaly, tebigat çagalara iň bir täsin, özi-de dürli ukyplaryň çäksiz baýlygyny beripdir. Meşhur pedagog A.Makarenko çaganyň dünýä inen gününden başlap, kadaly berjaý edilýän terbiýeçilik işlerine mätäç bolýandygyny aýdypdyr. Irki çagalyk ýyllaryndan çagany gurşaýan aýdym-sazlar, ondaky aýdym-saz diňlemek ukyby sagdyn ösmegi üçin örän wajypdyr. Çagany Watana wepaly, ilhalar adam edip ýetişdirmekde aýdym-sazyň güýji örän uludyr. Onda biz dünýä inen ynsanyň aýdym-saz bilen ilkinji duşuşygy ene hüwdüsini diňlemekden başlanýar diýsek, ýalňyşmasak gerek. Eneler çylşyrymly bolmadyk, emma sadadan mähirli duýgy bilen ýaňlanýan, süýji arzuw-niýetlere bezelen hüwdüleri ussatlyk bilen aýtmagy başarýarlar. 

Halk arasynda aýdyma halk ýüreginiň owazy diýip, megerem, ýöne ýerden aýdylýan däldir. Çünki aýdym ynsanyň ýüreginiň başga hiç zat bilen aralaşmasy mümkin bolmadyk gatlaklaryna-da aralaşmaga ukyply bolýar, ýürek urgularyny owazlandyrýan tarlara kakýar, haýsydyr bir göze ilmeýän sapak bilen diňleýjileriň ýüregini özüne örkleýär. Şonuň üçinem ýaş nesli terbiýelemekde, olary aýdym-saza ugrukdyrmakda, ilki bilen, ene hüwdüsiniň, soňra bolsa aýdym-sazyň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Çagalara aýdymlar watançylyk, tebigy gözellik, ene-ata söýgi temasynda saýlansa, has gowy bolýar. Sebäbi çagalar kiçilikden bu gözelliklere bolan söýgüsini diňe bir öý terbiýesinde däl-de, eýsem, özleriniň aýdýan aýdymdyr çalýan sazlarynyň üsti bilen hem artdyrýarlar.

Akgül Ataýewa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.