Sungat mekdebindäki baýramçylyk joşguny

8 Maý 2024
998

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlar toý joşguny bilen gatnaşdylar.

Dabarada şanly sene mynasybetli gutlaglar aýdylyp, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň görkezen nusgalyk edermenligi barada gürrüň edildi. Talyp ýaşlar tarapyndan taýýarlanan sungat çykyşlary dabaranyň ruhubelentligini we şowhunyny belende göterdi. Toý zalyna ýygnananlar mekdebimiziň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň talyplarynyň çykyşlaryny hem gyzgyn garşyladylar. Belentden-belent ýaňlanan aýdymdyr sazlarda ata Watanymyzyň, eşretli döwrümiziň, asuda durmuşymyzyň, dost-doganlygyň joşgunly waspy öz beýanyny tapdy.

Aýgül MYRADOWA,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň mugallymy.