Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagyna we Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan Watanymyzyň şöhratly gerçekleriniň şanyna döredilen ajaýyp kino eserleriniň biri «Daragt» çeper filmidir. Uruş ýyllarynyň galagoply wakalaryna bagyşlanan filmiň üsti bilen şol ýyllarda halkymyzyň kyn günleri başdan geçirendigine garamazdan her bir işde gaýduwsyzlyk görkezendigi açylyp görkezilýär.
Filmde baş gahryman Näzik atly gelniň başdan geçiren durmuş wakalary şöhlelendirilýär. Hakyky bolan wakalaryň esasynda goýlan bu filmde Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk hem-de gaýduwsyzlyk görkezen gerçekleriň yzynda mukaddes ojaklaryny saklap oturan gelinleriň wepadarlygy, tutanýerliligi beýan edilýär.